Fransiýa Yrakdaky esgerleriniň iş möhledini uzaltdy

Fransiýanyň Yrakdaky esgerleriniň iş möhledi 4 aý uzadyldy

184729
Fransiýa Yrakdaky esgerleriniň iş möhledini uzaltdy

Fransiýanyň Milli mejlisi Yrakda YSYS terror guramasyna garşy göreşýän esgerleriniň iş möhlediniň uzadylmagy barada karar kabul etdi.
Mejlisde sese goýlan ygtyýarnama 488 ses bilen kabul edildi.
1 halk deputaty garşy ses berdi, 13 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.
Ygtyýarnama laýyklykda Fransiýanyň Yrakdaky esgerleriniň iş möhledi 4 aý uzadyldy.
Fransiýa Yrakda YSYS terror guramasyna degişli nyşanalary 2014-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan bäri bombalaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar