Medwedew ykdysady durgunlygy boýun aldy

Russiýanyň Premýer ministri ýurdunyň uly ykdysady durgunlygy başdan geçirýändigini ilkinji gezek boýun aldy

157820
Medwedew ykdysady durgunlygy boýun aldy

Russiýanyň Premýer ministri Dimitri Medwedew soňky günlerde nebitiň we tebigy gazyň nyrhynyň aşaklamagy sebäpli uly kynçylygy başdan geçirýän rus ykdysadyýeti barada möhüm beýanat berdi.
Rus habarlar gullugy RİA Nowosta beýanat beren Russiýanyň Premýer ministri ýurdunyň uly ykdysady durgunlygy başdan geçirýändigini ilkinji gezek boýun aldy.
Medwedew geçen hepde beren beýanatynda ýurdunyň Günbatarly ýurtlaryň sanksiýalary sebäpli uly kynçylygy başdan geçirmejekdigini aýdypdy.
Medwedew Russiýanyň esasan hem azyk önümlerinde içerki önümçiligi ýokarlandyrandygyny belläp geçipdi.
ABŞ-nyň başda durmagynda Günbatarly ýurtlar Ukrainadaky krizis sebäpli Ukraina sanksiýa goýýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar