Zuhri:"Palestinalylaryň hukuklaryny kemeldýän taslamany kabul etmeris"

Hamasyň metbugat geňeşçisi Sami Abu Zuhri BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenen “Palestina baradaky karar taslamasy” hakynda garaýyşlaryny beýan etdi

156523
Zuhri:"Palestinalylaryň hukuklaryny kemeldýän taslamany kabul etmeris"

Zuhri Ysraýylyň basybalyjylygynyň bes edilmegi we Palestina döwletiniň gurulmagy üçin wagt kesgitleýän haýsydyr bir taslamany palestinalylaryň hukuklaryny egsilden halatynda kabul etmejekdiklerini nygtady.
Zuhri beren ýazmaça beýanatynda “Hamas ýer, İýerusalim we yzyna dolanyp barmak hukuklary bilen birlikde palestinalylaryň hak-hukuklaryny egsiltjek haýsydyr bir taslamany kabul etmejekdigini nygtaýar” diýilýär.
Abu Zuhri bu meselede doly ylalaşykly, milli jebislige esaslanýan pozisiýa eýelenmelidigini belledi.
İordaniýa arap ýurtlarynyň utgaşdyryjylygynda taýarlanan we 2017-nji ýylyň ahyryna çenli Palestinadaky Ysraýyl basybalyjylygynyň bes edilmegini göz öňünde tutýan “Palestina baradaky karar taslamasyny” BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine hödürläpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar