Putin Nazarbaýew bilen duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Putin Moskwada gazak kärdeş Nazarbaýew bilen görüşdi

157507
Putin Nazarbaýew bilen duşuşdy

Kremlde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde Ukraina meselesi barasynda pikir alyşyldy
Duşuşykda Nazarbaýewiň Kiýewe guran sapary hem gün tertibine geldi.
Putin “Kiýewden bäri geleniňizi we geçiren duşuşyklaryňyz barada bize maglumat berjekdigiňizi bilýärin. Şeýlelikde geljekdäki bitewileşme meýilnamalarymyz bilen birlikde özara meýilnamalarymyz barada pikir alyşarys” diýdi.
Nursoltan Nazarbaýew Kollektiw howpsyzlyk şertnamasy guramasynyň maslahaty mynasybetli Moskwada ozalky Sowet Respublikalarynyň prezidentleri bilen hem duşuşar.
Putin we Nazarbaýew Ýewraziýa ýokary ykdysady geňeşiniň maslahatyna-da gatnaşarlar.
Gazak lideri duşenbe güni Kiýewde saparda bolup, Ukrainanyň gündogaryndaky çaknyşyklary “bolmaly däl samsyklyklar” hökmünde häsýetlendiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar