Wladimir Putin Hindistana bardy

İki lider energetika we howpsyzlyk taýdan birnäçe şertnama gol çekdi

145262
Wladimir Putin Hindistana bardy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hindistanda saparda bolýar.
Wladimir Putin saparynyň çäginde ilki Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşdy.
İki lider energetika we howpsyzlyk taýdan birnäçe şertnama gol çekdi.
Şertnama görä Russiýanyň ýaragly güýçleriniň döwrebap tehnalogiýa bilen üpjün edilen dik uçarlary Hindistanda öndürler.
Russiýa hem Hindistanda 10 sany täze ýadro reaktoryny gurar.
Hindistanyň Premýer ministri Modi ýurtda uly jedelleşiklere sebäp bolan täze ýadro reaktorlarynda howpsyzlyk taýdan ähli çäreleriň görüljekdigi barada söz berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar