Owganystanda hüjüm…

Owganystanyň günortasyndaky Helmand şäherinde Talibanyň polis gözegçilik nokadyna guran hüjüminde 5 polis gullukçysy ýogaldy, bir başbozar öldürildi

139576
Owganystanda hüjüm…

Helmandyň guberniýasynyň metbugat geňeşçisi Omar Zwak hüjümde Talibanyň birnäçe başbozarynyň ýaralanandygyny, emma olaryň sanlary barada doly maglumata eýe däldigini aýtdy.
Beýleki tarapdan Owganystanyň günortasyndaky Kandahar şäheriniň Daman etrabynda Halkara howpsyzlyk we goldaw güýji İSAF-yň işgärleriniň od açmagy sebäpli asuda ilatdan iki adamyň ýogalandygy habar berildi.
Kandahar guberniýasynyň metbugat geňeşçisi Samim Hepelwak “Waka şäheriň howa menziliniň golaýynda boldy. İSAF-yň ulag kerwenine golaýlaşan iki adam İSAF-yň işgäri tarapyndan atylyp öldürildi. İlkinji barlaglara görä İSAF-yň işgärleri ulag kerwenine golaýlaşan adamlary kamikaze hüjümçisidir diýip, pikir etdiler” diýdi.
İSAF-dan berilen beýanatda waka tassyklanyp, degişli derňew işiniň başladylandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar