Arap Bileleşiginiň möhüm karary

Arap Bileleşigine girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň gatnaşmagynda düýn Kairde maslahat geçirdi

209784
Arap Bileleşiginiň möhüm karary

Maslahatda Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi baradaky karar taslamasynyň BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenmegi barada netijä gelindi.
Arap Bileleşigi BMG-dan Ysraýylyň basybalyjykly syýasatyny bes etmegini islär.
Palestinanyň hökümeti oktýabr aýynda Arap Bileleşigine Ysraýylyň basyp alyşlaryny 2016-njy ýylyň noýabr aýynda bes edip, Palestina döwletiniň gurulmagy barada taslama hödürläpdi.
Emma hödürlenen şol teklip BMG-nyň 15 agzaly Howpsyzlyk Geňeşine resmi taýdan berilmändi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar