Müsürde 78 çaga azatlykdam mahrum edildi

Müsürde 16 ýaşyna ýetmedik 78 çaga azatlykdan mahrum edildi

207061
Müsürde 78 çaga azatlykdam mahrum edildi

Müsüriň demirgazygynda ýerleşýän İskenderiýe şäheriniň jenaýat kaziýeti 16 ýaşyna ýetmedik 78 çagany azatlykdan mahrum etdi.
Çagalaryň aklawçysy Ahmed Al Gamri Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda jenaýat kaziýetiniň 16 ýaşyna ýetmedik 78 çagany ýurtda gadagan edilen Musulman doganlar guramasyna agza bolandyklary, ýöriş geçirendikleri we ýarag göterendikleri sebäpli 2 ýyl bilen 5 ýylyň arasynda azatlykdan mahrum edendigini aýtdy.
Gamri çagalaryň üstümizdäki ýylyň ýanwar-maý aýlarynda göz tussaglygyna alynandygyny ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar