Ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

Taraplar iýul aýynda ýaňadandan duşuşarlar

204359
Ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly gepleşikleriň soňky gününde-de ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.
Emma taraplar ylalaşyk üçin 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyny soňky möhlet hökmünde kesgitlediler.
Ylalaygyň çäginde Eýranyň daşary ýurtlarda saklanan emläklerinden aýda 700 million dollaryň goýberilmegi barada karara gelindi.
Gepleşiklerde taraplaryň islegleri biri-biriniňkiden diýseň daş düşdi.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani köp sanly düşünişmezligiň ortadan aýrylandygyny we soňky möhlete çenli ylalaşyk gazanyljakdygyny beýan etdi.
Britaniýanyň daşary işler ministri Film Hammond we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem gepleşiklerde möhüm öňegidişligiň edilendigini aýtdylar.
Diplomatik çeşmeler 1-nji marta çenli umumy meselelerde ylalaşylyp bilinjekdigini, soň bolsa tehniki detallaryň ara alynyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini beýan edýär.
Dekabr aýynyň ahyrynda ýaňadandan başlajak gepleşikler Omanda we Wenada geçiriler.
Beýleki tarapdan Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň hünärmenleriniň taýarlan soňky habarnamasyna görä Eýran özünde bar bolan “pes ederejede baýlaşdyrylan uran gazynyň” ätiýaçlaryny ozalky ylalaşyga laýyklykda azaltdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar