"Eýran bilen ylalaşyk gazanylman bilner"

Oama Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde geçirilýän gepleşiklerde 24-nji noýabra çenli ylalaşyk gazanylmagynyň mümkin däldigini belledi

186964
"Eýran bilen ylalaşyk gazanylman bilner"

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirilýän gepleşiklerde 24-nji noýabra çenli ylalaşyk gazanylmagynyň mümkin däldigini belledi.
Obama taraplaryň arasyndaky garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigini nygtady.
Eýrana goýlan ykdysady çäklendirmeler sebäpli resmi Tähranyň gepleşik stolyna oturandygyny aýan Obama, emma ilkinji nobatda Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyn öňüni almagy maksat edinýändiklerini ýatlatdy.
Obama YSYS terror guramasy meselesinde hem Eýran bilen hyzmatdaşlyk edip bilmeýändiklerini aýtdy.
Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Başar Asadyň wezipesinden çekilmedigini aýdan Obama Siriýa krizisiniň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar