Ukraina bilen Russiýa tebigy gaz meselesinde ylalaşyk gazandy

“İndi Ýewropalylaryň sowukda doňmakdan gorkmagy üçin hiç hili sebäp ýok”

175647
Ukraina bilen Russiýa tebigy gaz meselesinde ylalaşyk gazandy

Taraplar gyş paslynda Ukraina yzygiderli tebigy gazyň akdyrylmagyny ýola goýjak şertnama Brýusselde ÝB-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada gol goýdy.
ÝB Komissiýasynyň başlygy Hoze Manuel Barroso şertnamany “İndi Ýewropalylaryň sowukda doňmakdan gorkmagy üçin hiç hili sebäp ýok” diýdi.
Şertnama görä Ukraina geljek ýyldan başlap tebigy gazyň 1000 kub metri üçin 365 dollar tölär.
Ukraina mundan başgada Russiýa tebigy gaz karzynyň 1 milliard 450 million dollaryny gyssagly berer.
Resmi Kiew karzynyň 1 milliard 650 million dollarlyk bölegini hem üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli tölär.
ÝB-niň Ukrainanyň karzlaryny tölemegi üçin kredit bermegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar