Hytaý Owganystan konferensiýasyna ýer eýeçiligini etdi

Konferensiýa Owganystanyň Döwlet baştutany Eşref Gani Ahmedazi hem gatnaşdy

176549
Hytaý Owganystan  konferensiýasyna ýer eýeçiligini etdi

Hytaý Owganystan üçin howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk etaby konferensiýasyna ýer eýeçiligini etdi.
Resmi Pekin demirgazyk günbatar goňşysy Owganystanyň howpsyzlygyna we ýaňadandan dikeldilmegine uly ähmiýet berýär.
Stambul etaby hökmünde bilinýän Owganystan üçn hyzmatdaşlyk konferensiýasyna Owganystanyň Döwlet baştutany Eşref Gani Ahmedazi hem gatnaşdy.
Hytaýyň hökümeti Owganystanyň bilim pudagyna 5 ýylda 330 million dollarlyk kömek bermegi wada berdi.
3 müň 500 owgan talyby şol bilimden we stipendiýadan peýdalanar.
Hytaý Owganystandaky howpsyzlyk meselesiniň goňşy Uýgur Awtanomiýasyna ýaramaz täsirini ýetirmegine alada bildirýär.
Hytaýyň hökümet başlygy Li Kegiang Owganystandaky howpsyzlyk meselesi barada “Owgan meselesiniň owgan halky tarapyndan çözülmelidigine ynanýarys” diýip belledi.
Owganystanyň Döwlet baştutany Ahmedzai bolsa ýurdunyň halkara jemgyýetçiliginden pul däl eýsem meseleleriň hötdesinden gelmegi üçin kömege garaşýandygyny nygtady.
Ahmedzai Hytaý Halk Respublikasynyň sebitde we Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin goşýan goşandyna ynanýandyklaryny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar