Müsüriň hökümeti grekleri goldaýar

Müsüriň harby hökümeti Kipriň grek böleginiň we Gresiýanyň gündogar Ortaýer deňzindäki başlangyçlary goldaýar

174685
Müsüriň hökümeti grekleri goldaýar

Kipriň grek böleginiň, Gresiýanyň we Müsüriň daşary işler ministrligi Türkiýeden gündogar Ortaýer deňizindäki seismiki barlaglaryny bes etmegini we geljekde şeýle işleri alyp barmazlygyny islediler.
Kipriň grek böleginde duşuşan daşary işler ministrleri bilelikde metbugat ýygnagyny geçirip, sebitdäki ähli ýurtlardan Günorta Kipriň Özbaşdak ykdysady zolak atlandyrylýan giňişligindäki we suw giňişligindäki özygtyýarlylyk hukuklaryna hem-de ygtyýarlaryna sarpa goýulmagyny islediler.
Kipriň grek böleginiň daşary işler ministri Ýoannis Kasulidis Gresiýa we Müsür bilen edýän hyzmatdaşlyklarynyň “sebitdäki döwletlere garşy däldigini” öňe sürdi.
Gresiýanyň daşary işler ministri Ewangelos Wenizelos bolsa gündogar Ortaýer deňzindäki tebigy gaz meselesindäki düşnüşmezlikde kiprli greklere goldaw bermek maksady bilen bir fyrkatyň we bir sany deňizasty gämisiniň sebite ugradyljakdygyny mälim etdi.
Wenizelos Türkiýäniň barlaglaryny bes etmeginiň Kipr gepleşikleriniň dowam etmegine we ÝB-ne agzalyk etabyna goşant goşjakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar