Asad asuda ilata garşy barrel bombalary bilen hüjüm gurady

Hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde azyndan 60 adam ýogaldy

174240
Asad asuda ilata garşy barrel bombalary bilen hüjüm gurady

Siriýanyń hökümeti asuda ilaty öldürmäge dowam edýär.
Asada tabynlykdaky güýçler dik uçarlar bilen İdlib şäherinde öýlerini terk eden bosgunlaryń bolan Abidin Çadyr şäherçesine barrel bombalary bilen hüjüm gurady.
Hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde azyndan 60 adam ýogaldy. 
Ýaralananlar sebitdäki göçme keselhanalarda bejeriş astyna alyndy.
Ýogalanlaryń sanynyń köpelmegine alada bildirilýär.
Siriýanyń günbatarynda ýerleşýän Homus şäherinde hem bomba ýüklenen ulagyń ýarylmagy sebäpli azyndan 37 adam ýogaldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar