Pakistan bilen Eýran ylalaşyk gazandy

Pakistan bilen Eýran dartgynlygyň ortadan aýrylmagy barada ylalaşyk gazandy

172997
Pakistan bilen Eýran ylalaşyk gazandy


Pakistan-Eýran serhedinde soňky günlerde başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin ylalaşyk gazanyldy.
Pakistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Pakistanyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Eizaz Ahmad Çaudriniň ýolbaşçylygyndaky toparyň Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary İbrahim Rahimpuryň ýolbaşçylygyndaky topar bilen duşuşandygy we toparlaryň serhetdäki dartgynlyk barada pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýanatda taraplaryň dartgynlygyň ortadan aýrylmagy barada ylalaşyk gazanandygy bellenildi.
Duşuşykda mundan başgada iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda we energetika taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesiniň hem seljerlendigi ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar