Azat Siriýa goşuny Kobana 1500 adamdan ybarat topar ugradar

“Kobanini YSYS-yń elinden halas etmek üçin birlikde hereket edilmegi diýseń möhüm”

168704
Azat Siriýa goşuny Kobana 1500 adamdan ybarat topar ugradar

Azat Siriýa goşuny YSYS terror guramasy bilen çaknyşýan Kürtlere goldaw bermek üçin Kobana 1500 adamdan ybarat topar ugratjakdyklaryny habar berdi.
Azat Siriýa goşunynyń Halapdaky bölümi tarapyndan berlen beýanatda YSYS terror guramasyna garşy göreşýän Amerikanyń ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaşlykdan hem harby we logistiki taýdan kömek sorady.
Beýanatda “Kobanini YSYS-yń elinden halas etmek üçin birlikde hereket edilmegi diýseń möhüm” diýildi.
Ady agzalýan toparyń 36 sagatda Kobana barmagyna garaşylýar
Beýleki tarapdan hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar Kobanide YSYS terror guramasynyń gözegçiligi astyndaky Tel Şeir depesini bombalady.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar