Nebit firmasynyň başlygy uçar heläkçiliginde ýogaldy

Moskwadaky uçar heläkçiliginde TOTAL firmasynyň başlygy ýogaldy

164872
Nebit firmasynyň başlygy uçar heläkçiliginde ýogaldy

Russiýada bolan uçar heläkçiliginde TOTAL firmasynyň başlygy ýogaldy.
Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Wnukowo howa menzilinde 1 ýolagçysy we 3 ekipažy bolan hususy uçar gonmaga taýarlanýarka gar arassalaýan ulag bilen kakyşdy.
Ýanmaga başlan uçaryň ýarylmagy sebäpli uçardakylardan halas bolan bolmady.
Uçar heläkçiligine fransuz nebit firmasy TOTAL-yň başlygy Kristof de Maržeri hem ýogaldy.
63 ýaşyndaky Maržeri 2007-nji ýyldan bäri nebit firmasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar