BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň saýlawy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bolmadyk 10 agzasyndan 5 sanysy üçin saýlawyň netijesi belli boldy

160042
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň saýlawy

Türkiýe bilen İspaniýa üçin geçirilen üçünji tapgyrda İspaniýa saýlandy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Biz ses almak aladasy bilen ýörelgelerimizden we çemeleşmelerimizden ýüz öwürmedik” diýdi.
Baş Assambleýada geçirilen birinji tapgyr sese goýulşykda Angola, Wenezuella, Täze Zelandiýa we Malaýziýa Geňeşe saýlanmak üçin gerek bolan sesi aldylar.
Geçirilen gizlin sese goýulşykda 109 ses alan Türkiýe bilen 121 ses alan İspaniýa bolsa ikinji tapgyra galdy.
İspaniýa bilen Türkiýe ikinji tapgyrda-da gerek bolan ses mukdaryny alyp bilmedi, üçünji tapgyrda İspaniýa Howpsyzlyk Geňeşinin hemişelik bolmadyk agzalygyna saýlandy.
Türkiýe ikinji tapgyrda 73, üçünji tapgyrda 60 ses alan bolsa, İspaniýanyň üçünji tapgyrdaky ses sany 132 boldy.
Geňele hemişelik bolmadyk 10 agza 2 ýyllyk möhlet üçin saýlanýar. Geňeşiň 5 agzasy geçen ýyl saýlanypdy. Şu ýyl saýlanan 5 agza 2015-2016-njy ýyllaryň aralygynda Geňeşe agzalyk eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar