Britaniýa Palestina döwletini ykrar etdi

Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi baradaky taslama kabul edildi

156243
Britaniýa Palestina döwletini ykrar etdi

Britaniýa Palestina döwletini ykrar etdi.
Britaniýanyň parlamenti Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi baradaky taslamany kabul etdi.
Britaniýanyň parlamentiniň aşakky ganady Awam kamarasy düýn 4 sagadyň dowamynda Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi baradaky taslamany ara alyp maslahatlaşdy.
Halk deputatlary Oppozisiýadaky İşçi partiýasynyň Palestinanyň Dostlary toparynyň başlygy Graham Morris tarapyndan taýarlanan taslamany sese goýdy.
Sese goýulşykda 274 halk deputaty taslamanyň kabul edilmegi üçin ses berdi, 12 halk deputaty bolsa garşy ses berdi.
Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen ministrler bolsa ses bermekden saklandy.
Kararyň halkara derejesinde täsiriniň ýokary bolmagyna garaşylýar.
Şwedsiýa hem üstümizdäki aýyň başynda Palestinany döwlet hökmünde ykrar edipdi.
Britaniýa we Şwedsiýadan daşary dünýäde 130-dan gowrak ýurt Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar