Ukraina bilen Russiýanyń arasyndaky tebigy gaz düşnüşmezligi

Russiýanyń energetika ministri Aleksandr Nowak Ukraina tebigy gaz akyşynyń ýańadandan ýola goýulmagy üçin Ukrainanyń, Russiýanyń we ÝB-niń arasynda gol çekişiljek teswirnamanyń tekstiniń taýardygyny, teswirnamanyń ukrainaly ýolbaşçylar tarapyndan seljerilýändigini aýtdy

149865
Ukraina bilen Russiýanyń arasyndaky tebigy gaz düşnüşmezligi

Ministr Nowak Russiýanyń Premýer ministri Dmitri Medwedew bilen geçiren duşuşykda Ukraina we ÝB bilen alynyp barylýan tebigy gaz boýunça gepleşikler barasynda maglumat berip, “ÝB we Ukraina bilen gol çekişiljek teswirnamanyń teksti taýar. Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikde taýarlan tekliplerimiz häzirki wagtda resmi Kiýew tarapyndan seljerilýär, şolaryń jogabyna garaşýarys” diýdi.
Ukrainanyń Russiýanyń we ÝB-niń wekilleriniń arasynda sentýabr aýynyń 26-da geçirilen gepleşikde resmi Kiýewiń karzynyń 3,1 milliard dollarlyk bölegini tölemegi barasynda ylalaşypdy. Şol tölegiń 2 milliard dollarlynyń tebigy gazyń akdyrylmaga başlanmazyndan ozal, 1,1 milliard dollarynyń bolsa ýylyń ahyryna çenli tölenmegine karar berilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar