Kobanide depelere we binalara YDYD guramasynyń baýdagy dikildi

YDYD guramasy Kobaniniń gündogarynda gözegçiligi umuman alnandan ýola goýandyklaryny habar berdi

149894
Kobanide depelere we binalara YDYD guramasynyń baýdagy dikildi

Kobanide köçe söweşleri dowam edýär.
Birnäçe günden bäri dowam edýän çaknyşyklardan soń YDYD guramasy Aýn Al Arap hökmünde hem bilinýän Kobaniniń gündogarynda gözegçiligi umuman alnandan ýola goýandyklaryny habar berdi.
Agyr ýaraglar bilen hüjüm eden terror guramasynyń köçe söweşleriniń dowam edýän etrabyna 2 müń adam bilen girendigi ýatladyldy.
YDYD guramasy bilen Kobanini goraýan YPG-lileriń arasyndaky çaknyşyklaryń senagat sebitinde has güýçlenýändigi nygtaldy.
Güýçli çaknyşyklardan soń käbir depelere we binalara YDYD guramasynyń baýdagynyń dikilendigi bellenildi.
Çaknyşyklarda iki tarapyń hem uly ýitgi çekendigi habar berildi.
YDYD guramasynyń öńe barýandygy sebäpli etrabyń halky göçmäge dowam edýär.
Sońky gezek žurnalistler bilen birlikde 300 adam Kobaniden çykaryldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar