Netanýahu Eýran meselesinde Günbatarly ýurtlary tankyt etdi

Günbatarly ýurtlary Eýranyň ýadro maksatnamasyna goldaw bermek bilen günärkäledi

144203
Netanýahu Eýran meselesinde Günbatarly ýurtlary tankyt etdi

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Eýran baradaky tutumlary sebäpli Günbatarly ýurtlary tankyt etdi.
Netanýahu Günbatarly ýurtlary Eýranyň ýadro maksatnamasyna goldaw bermek bilen günärkäledi.
BMG-da söz sözlän Ysraýylyň Premýer ministri Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen baglanlykly geçirilýän gepleşiklere garşylyk görkezdi.
Netanýahu “YDYD guramasyny ýeňip Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermek çaknyşykda ýeňip, söweşde ýeňilmekdir” diýdi.
Gaza hüjümleri barada hem durup geçen Netanýahu Hamasyň Palestinaly asuda ilaty galkan hökmünde ulanandygyny öňe sürdi.
YDYD guramasynyň we Hamasyň maksatlarynyň birdigini aýdan Netanýahu “YDYD guramasy we Hamas şol zäherli agajyň şahalarydyr” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar