Obamanyň YDYD guramasy baradaky boýun almasy

ABŞ-nyň Prezidenti Barak ObamaAmerikanyň howpsyzlyk gulluklarynyň YDYD guramasynyň Siriýada emele getirýän howpyna bir wagtlar üns bermändigini boýun aldy

142989
Obamanyň YDYD guramasy baradaky boýun almasy

Obama şeýle-de Yragyn goşunynyň YDYD guramnasyna garşy goranyş ukybyny we ygtyýaryny bolsa ulaldandygyny kabul etdi.

Bir tarapdan Siriýada hökümete garşy durup, beýleki tarapdan-da hökümete söweş yglan eden YDYD guramasynyň söweşijileri bilen göreşmegiň emele getirýän gapma-garşylygyna göz ýetirýändigini nygtan Obama “Elhenç gyrgynçylyklary eden hökümet Siriýada durnuklylygy üpjün edip bilmez. Siriýanyň dargamazlygy üçin Başar Asadyň bu krizisi dolandyrmagy mümkin däl” diýdi.
Obama “Beýleki tarapdan ABŞ-na garşy gyssagly howplar taýdan YDYD guramasy, Horasan guramasy, bular amerikalylary öldürip biler” diýdi.
Emma Barak Obama ABŞ-nyň Yrakda we Owganystanda bolşy ýaly guryýerde uly göwrümli harby goşun saklamajakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Obama Yrakda Malikiniň häkimiýeti başarnyksyz dolandyrandygyny hem aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar