Ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinin hemişelik 5 agzasynyň we Germaniýanyň Eýran bilen dowam etdirýän gepleşiklerinden netije alynyp bilinmändigi habar berildi

142270
Ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

ÝB-niň Howpsyzlyk we daşary syýasat boýunça Ýokary wekili Ketrin Eştonyň metbugat wekili Mişek Mann mesele barada beren beýanatynda, gepleşikleriň taraplaryň diplomatik çözgüde tabynlygyny görkezýändigini we bu etapda üstünde işlenmeli käbir pikirleriň beýan edilendigini aýtdy.

Mann “Taraplaryň arasynda çözülmedik düşünişmezlikler henizem dowam edýär. Bu ugurda 24-nji noýabra çenli giň gerimli çözgüdiň tapylmagy üçin 5+1 ýurtlary we ÝB diplomatik tagallalaryny dowam etdirer” diýdi.
Taraplaryň nobatdaky duşuşygynyň haçan geçiriljekdigi barasynda bolsa maglumat berilmedi.
Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda geçen ýyl geçirilen gepleşiklerde halkara sanksiýalarynyň azaldylmagynyň öwezinde resmi Tähranyň ýadro maksatnamasyny çäklendirmegi göz öňünde tutulypdy. Taraplaryň 2013-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Ženewada gazanan wagtlaýyn ylalaşygy bilen sanksiýalar ýeňilleşdirilipdi we esasy ylalaşygyň 20-nji iýula çenli gazanylmagy göz öňünde tutulypdy. Birnäçe gezek duşuşan taraplar, wagtlaýyn ylalaşygyň möhletini 24-nji noýabra çenli uzaltmak barasynda ylalaşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar