Ukrainada ylalaşyk etaby durmuşa geçirilmäge çalşylýar

Taraplar Minskde duşuşdy

133342
Ukrainada ylalaşyk etaby durmuşa geçirilmäge çalşylýar

Ukrainanyń gündogarynda 5 aý dowam eden güýçli çaknyşyklardan soń ylalaşyk etaby durmuşa geçirilmäge çalşylýar.
Belarusyń paýtagty Minskde duşuşan taraplar 30 kilometrlik ara zolagyń döredilmegi we ýarag ulanylmagynyń gadagan edilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
Ukrainanyń, Russiýanyń, separatistleriń we Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyń ýolbaşçylary hüjümleriń bes edilmegi barasyndaky ylalaşyk etabynyń durmuşa geçirilmegi hakynda ylalaşyk gazandy.
Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyń synçylary hem etabyń durmuşa geçirilşine gözegçilik eder.
Ylalaşykda howpsuz sebitlerde uçuşlaryń gadagan edilmegi we ähli daşary ýurtly esgerleriń çaknyşyk sebitinden çykarylmagy ýaly maddalar ýer alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar