Owganystanda ahyry ylalaşyk gazanyldy

Abdullah Abdullah we Eşref Gani Ahmetzai jebilik hökümetiniň gurulmagy barasynda ylalaşyk gazandy

134025
Owganystanda ahyry ylalaşyk gazanyldy

Owganystanda jedelleşikli saýlaw etabyndan soň taraplar ahyry ylalaşyk gazandy.
Prezidentlige dalaşgärlerden Abdullah Abdullah we Eşref Gani Ahmetzai jebilik hökümetiniň gurulmagy barasynda ylalaşyk gazandy.
Birnäçe hepdeden bäri biri-birini berk tankyt eden Abdullah Abdullah bilen Eşref Gani Ahmetzai Amerikanyň hökümetiniň tagallasy we BMG-nyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazandy.
Ylalaşyga laýyklykda Owganystanyň täze Prezidenti Eşref Gani Ahmetzai bolar.
Abdullah Abdullah bolsa täze döredilen “Ýerine ýetiriji organyň” başlygy wezipesini ýerine ýetirer.
Eşref Gani Ahmetzai bilen Abdullah Abdullah şol bir ygtyýara eýe bolar.
Şertnama gol çekişlik dabarasyna Owganystanyň häzirki Prezidenti Hamid Kerzeý hem gatnaşdy.
Owganystanda aprel aýynda geçirlen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Abdullah Abdullah üstünlik gazanypdy. Emma iýun aýynda geçirlen saýlawyň ikinji tapgyrynda bolsa esasy köplüge eýe bolup bilmändi.
Abdullah saýlawyň ikinji tapgyrynda üstünlik gazanan Eşref Ganiniň gaplyk edendigi öňe sürüpdi we saýlawyň netijelerine garşylyk görkezipdi.
Köp milletli güýjüň ýurtdan çekilmeginiň öň ýanynda dalaşgärleriň arasynda başdan geçirilen düşnüşmezlik sebäpli saýlawyň netijeleriniň möhletinde beýan edilmezligi ýurtda uly syýasy krizise sebäp boldy.
Halkara güýçleriň Owganystanyň ýaragly güýçlerine goldaw bermegi maksady bilen geljek ýyl bir böleginiň Owganystanda galmagy üçin täze Prezidentiň şertnama gol goýmagy gerek.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar