Obamanyň YDYD guramasy baradaky meýilnamasy Senatda tassyklandy

Meýilnama Obamanyň gol çekmeginden soň güýje girer

131409
Obamanyň YDYD guramasy baradaky meýilnamasy Senatda tassyklandy

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň YDYD guramasyna garşy Siriýadaky oppozisionerleriň ýaraglandyrylmagy we olara tälim bermek baradaky meýilnamasy Wekiller palatasyndan soň Senatda-da tassyklandy.
Meýilnama Senagatda 78 ses bilen kabul edildi. Garşy sesleriň sany bolsa 22.
Kongresdäki tassyklanyş tapgyry tamamlanan düzgünnama Obamanyň gol çekmeginden soň kanunlaşar.
Obama Kongresiň çemeleşmesiniň Amerikanyn YDYD guramasyna garşy göreşde Amerikanyň jebislikde hereket edýändigini görkezendigini aýtdy.
Barak Obama “Eger-de raýatlarymyza zyýan ýetirseňiz, Amerika howp salsaňyz, hyzmatdaşlarymyza hemle atsaňyz, ol bizi bölmez, birleşdirer” diýdi.
Amerikanyň Prezidenti şeýle-de koalisiýanyň çäginde Yragyň harby güýçlerine goldaw bermek, ynsanperwer kömek we beýleki ugurlarda arap ýurtlary bilen birlikde 40-dan gowrak ýurduň kömek bermegi teklip edendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar