40-dan gowrak ýurt YDYD garşy goldaw berer

Obama YDYD guramasyna garşy göreşde Amerikan esgerleriniń gury ýerde söweşmejekdiklerini ýene-de bir gezek tekrarlady

129784
 40-dan gowrak ýurt YDYD garşy  goldaw berer

Obama YDYD guramasy barasynda beýanat berdi.
ABŞ-nyń Prezidenti Barak Obama YDYD guramasyna garşy göreşde Amerikan esgerleriniń gury ýerde söweşmejekdiklerini ýene-de bir gezek tekrarlady.
Obama Amerikanyń ýaragly güýçleriniń Ýakyn Gündogardaky operasiýalaryndan jogapkär ABŞ-nyń Merkezi güýçler serkerdeliginiń Florida-Tampadaky esasy karargähine baryp gördi.
Obama ol ýerde beren beýanatynda “Käbir hyzmatdaşlarymyz bize howadan goldaw berer” diýip belledi.
Obama hyzmatdaşlarynyń bir böleginiń bolsa gury ýerde göreşjekdiklerini aýtdy.
Munyń dińe Amerikanyń söweşi bolmandygyny we bolmajakdygyny aýdan Obama 40-dan gowrak ýurduń YDYD guramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilmegine goldaw berjekdigini ýatlatdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar