Yrakda hökümeti gurmak üçin soňky dört gün…

11-nji awgustda hökümeti gurmagy üçin Haýdar Al Abada berilen möhlet 10-nji sentýabrda gutarýar

117064
Yrakda hökümeti gurmak üçin soňky dört gün…

Emma syýasy partiýalaryň arasynda henize çenli ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Ministrler üçin taraplaryň arasynda aldym-berdimli çekeleşik bar.
İň esasy çekeleşiklerden biri goranmak ministrliginiň haýsy topara degişli boljakdygy barasynda.
Hem şaýy hem-de sinni taraplar goranmak ministrliginden el çekmek islemeýär.
Yragyň Mejlisiniň Başlygy Selim Al Juburi taýarlyklary dowam edýän täze hökümetiň gurulmagynyň sünni “Milli güýçleriň koalisiýasynyň” tarapdarlarynyň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna baglydygyny aýdypdy.
Sünni messebine degişli bolan Juburi, deňagramlygy gorap saklamak üçin goranmak ministrliginiň özlerine degişli bolmalydygyny öňe sürýär.
Ylalaşylmaýa beýleki bir kürsi bolsa nebit ministriniňki.
Yrakdaky kürtler nebit we daşary işler ministrlikleriniň özlerine berilmegini isleýärler.
Kürtleriň beýleki bir islegi bolsa ýurtdan çykarylýan nebitden aljak paýlarynyň kanun arkaly kepillendirilmegi barada.
Bu çekeleşikler dowam edýärkä hökümeti gurmak üçin Haýdar Al Abada berilen 30 günlük möhlediň gutarmagyna sanalgyja gün galdy.
Abadi 4 günüň dowamynda hökümeti gurmaly.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar