NATO-nyň maslahaty öz işini dowam etdirýär

Maslahatda Russiýa berk tankyt edildi

114785
NATO-nyň maslahaty öz işini dowam etdirýär


Britaniýanyň Nýu Port şäherinde geçirilýän maslahatda Russiýa berk tankyt edildi, Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy göreşde Yragyň hökümetine goldaw berilmegi barasynda karar kabul edildi


Maslahata gurama agza 28 ýurduň döwlet ýada hökümet baştutany bilen Owganystanda iş alyp barýan halkara güýje goldaw berýän 27 ýurduň liderleri bilen Ýewropa Bileleşigi, BMG ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar.


Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda NATO-nyň uly howpy başdan geçirýändigini aýtdy we Ukrainada, Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän wakalara ünsi çekdi.


Maslahatyň guramanyň taryhynyň iň möhüm döwründe geçirilýändigini aýdan Kameron, Yrakda täze hökümet gurulýança Britaniýanyň YDYD guramasyna garşy guraljak howa hüjümine gatnaşmajakdygyny aýratyn belledi.


Britaniýanyň Premýer ministri YDYD guramasyna garşy göreşmegi üçin peşmergelere ýarag kömegini bermek barasynda pikir edýändiklerini nygtady.


Maslahatda agza ýurtlaryň Ukraina harby taýdan kömek bermek meselesi gün tertibine getirildi, emma Ukrainanyň NATO agzalygy meselesine häzirlikçe oňyn garalmady.


Maslahatyň çäginde Britaniýanyň, Amerikanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we İtaliýanyň liderleri Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko bilen duşuşyk geçirdi.


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen NATO-nyň gündogarda Russiýa, günortada hem YDYD guramasy tarapyndan abanýan howpa garşy göreşýändigini we şol howplara garşy çäre görjekdiklerini nygtady.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar