Ukrainada ylalaşyk tapmaçasy…

Poroşenko bilen Putiniň beýanatlary gabat gelmeýär

113325
Ukrainada ylalaşyk tapmaçasy…

Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko hüjümleri yzgiderli bes edilmegi barada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşandyklaryny aýtdy.

Putin bolsa Ukraina bilen anna gününe çenli hüjümleriň yzgiderli bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanylmagynyň mümkindigini aýtdy.
Putiniň “hüjümleriň yzgiderli bes edilmegi” üçin Ukrainanyň harby goşunynyň gündogardaky şäherlerde geçirýän operasiýalaryny bes etmegini we ylalaşyga gözegçilik edilmegi üçin degişli etraplara halkara synçylarynyň ugradylmagyny isleýändigi habar berilýär.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Premýer ministri Arseni Ýatsenýuk Ukrainanyň hüjümiň kim tarapyndan edilýändigini we howpyň nireden abanandygyny anyk beýan edýän täze goranyş doktrinasynyň taýarlanmalydygyny nygtady.
Premýer ministr Ýatsenýuk Russiýanyň häzirki wagtda Ukrainanyň territorial bitewiligine howp salýan ýeke-täk ýurtdygyny aýtdy.
Ýatsenýuk şeýle-de Ukraina-Russiýa serhedine diwar guruljakdygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan ÝB-niň agzalary Ukrainanyň gündogaryndan yzyna çekmän halatynda Russiýa goýlan çäklendirmeleri agyrlaşdyrmaga taýarlanýar.
Fransiýa bolsa “şetleriň amatly däldigi” sebäpli Russiýa satylmagy meýilleşdirilýän iki harby gäminiň gowşurylmagyny bes etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar