Obamany YDYD guramasyna garşy çäre görmäge çagyrdylar

ABŞ-nyň Kongresiniň iki bölüminiň howpsyzlyk komitetleriniň ýolbaşçylary Obama YDYD guramasy barada çagyryş etdi…

109871
Obamany YDYD guramasyna garşy çäre görmäge çagyrdylar

Çagyryşda degişli çäreler görülmän halatynda Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy ABŞ-na ýa-da Ýewropadaky hyzmatdaş ýurtlara hüjüm edip biler.
Biri Respublikan partiýasyndan beýlekisi Demokrat partiýasyndan bolan Kongresiň iki agzasy YDYD guramasynyň başbozarlarynyň nobatdaky hüjümlerini ABŞ-da ýa-da günbatar Ýewropada gurap biljekdigini öňe sürdi.
Kongresiň agzalary YDYD guramasynyň degişli çäreler görülmän halatynda ABŞ-na ýa-da Ýewrpadaky hyzmatdaşlaryna hüjüm gurama ähtimallygy baradaky aladalaryny beýan etdiler.
Kongresiň agzalary Obamadan YDYD guramasynyň emele getirýän howpyny ortadan aýyrmak üçin işe girişmegini we giň gerimli strategiýa taýarlamagyny islediler.
Wekiller palatasynyň howpsyzlyk komitetiniň başlygy Mike Rogers Obamanyň daşary syýasaty barada “Sözün doly manysynda aşaklaýar” diýdi.
Rogers YDYD guramasy bilen bilelikde söweşýän amerikalylaryň göterýän Amerikan pasportlary bilen ABŞ-na dolanyp gelmeklerinden soň ýüze çykyp biljek howpa ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar