Kerri YDYD guramasyna garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Kerri dińe howa hüjümleriniń guramany ortadan aýyryp bilmejekdigini we halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmelidigini belledi

109581
Kerri YDYD guramasyna garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

ABŞ-nyń Döwlet sekretary Jon Kerri Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy hyzmatdaşlygyń güýçlendirilmegi maksady bilen Pars Aýlag ýurtlaryna sapar gurar.
Kerri saparyndan ozal beren beýanatynda YDYD guramasyna garşy halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegi çagyryşyny berdi.
YDYD guramasynyń edýän wagşyçylygyna ünsi çeken Kerri dińe howa hüjümleriniń guramany ortadan aýyryp bilmejekdigini we halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmelidigini belledi.
NATO-nyń sentýabr aýynyń 4-5-i aralygynda Britaniýada geçiriljek maslahatynda YDYD guramasyna garşy hyzmatdaşlyk edilmegi üçin Ýewropa ýurtlaryndan goldaw sorajakdygyny aýdan Kerri, Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlara hem sapar gurajakdygyny ýatlatdy.
Kerri Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geńeşiniń YDYD guramasyna garşy göreşmäge taýardygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar