Eýranda ýer titremeleri dowam edýär

Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Dezful şäheriniň golaýynda 5,2 bala barabar ýer titremesi boldy

101462
Eýranda ýer titremeleri dowam edýär

Marmuride bolsa 5,6 we 5,3 bala barabar iki ýer titremesi boldy.
Deýfuzda bolan ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä adam pidasy bolmady.
İýlam welaýatynyň Marmuri şäherinde-de düýn gije 5,6 bala barabar ýer titremesi başdan geçirildi.
Şu gün irden bolsa 5,3 bala barabar ýer titredi. Şäherde düýnden bäri 43 gezek ýer titredi.
Eýran-Yrak serhediniň golaýynda ýerleşýän şäherde duşenbe güni 6,1 bala barabar ýer titräpdi. Ýer titremesinde 2700 öýe zeper ýetipdi, 470 adam ýaralanypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar