Ukraina meselesine syýasy çözgüt

Nemes, rus, ukrain we fransuz daşary işler ministrleri Germaniýada duşuşdy

94728
Ukraina meselesine syýasy çözgüt

Germaniýanyň daşary işler ministri Steinmeýer Ukrainadaky çykgynsyzlyga syýasy çözgüt tapmak maksady bilen geçirile gepleşiklerde “kӓbir uğurlarda” öňegidişlik edendiklerini aýtdy.
Steimeýer Berline çağyran rus kardeşi Sergeý Lawrow, ukrain kӓrdeşi Palo Klimkin we Fransiýanyň daşary işler ministri Lauren Fabius bilen daşary işler ministrligiň kabulhanasynda duşuşdy.
Bӓş sagada golaý dowam eden maslahatdan soň metbugata beýanat beren Steinmeýer, duşuşygyň diýseň aldym-berdimli geçendigini nygtady. Nemes ministr “Kӓbir uğurlarda ylalaşk gazandygymyza ynanýaryn, tama edýӓrin” diýdi.
Steinmeýer ministrleriň ylalaşylan uğurlar barada döwlet we hökümet baştutanlary bilen seljerjekdiklerini nygtan hem bolsa, giňişleýin maglumat bermedi.
Diplomatik çeşmeler duşuşyklaryň dowam edip-etmejekdiginiň şu gü ýa-da sişebe güni belli boljakdygyny beýan edýӓr.
Steinmeýer 2-nji iýulda Fransiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrlerini Berline çagyrypdy, duşuşykdan soň Ukrainada hüjümleriň bes edilmeği üçin bilelikde jarnama çap edipdi. Jarnamada hüjümleriň bes edilmegi maksady bile gepleşiklere başlanmagy, ähli zamun alynanlaryň boşadylmagy, Ukraina-Russiýa serhedinden bikanun geçişleriň öňüniň alynmagy üçin gözegçiligiň güýçlendirilmegi we jurnalistleriň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi barasynda çagyryş edilipdi. Emma bularyň esasy bölegi iş ýüzüne geçmändi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar