Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ukrainadaky dartgynlyga çözgüt tapmak üçin tagallalar dowam edýärkä oňa päsgel berjek wakalaryň yzy üzülmeýär

95163
Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ukrain goşuny tarapyndan öňe sürülen rus separatistleriniň raýatlary gatnadýan awtobusa hüjüm edendigi barasyndaky habar dartgynlygyň möwjemegine sebäp boldy.
Bu barasynda Ukrainanyň harby goşunynyň metbugat geňeşçisi habar berdi.
Habar berilmegine görä Ukrainanyň gündogaryndaky Lugansk welaýatyndan ýola düşen bosgunlary alyp gaýdan ulag kerwenine rus separatistleri tarapyndan hüjüm guraldy.
Berilen beýanatda “Ýaşaýyş ýerlerinden gaýdan raýatlary gatnadýan ulag kerwenine ir ertir hüjüm guraldy. Ölenleriň we ýaralananlaryň sany barasynda anyk maglumat ýok. Diňe köp sanly çaganyň we aýallaryň aradan çykandygyny hem-de ýaralanandygyny bilýäris”diýildi.
Ukrain metbugaty ulag kerwenindäkileriň esasy böleginiň ýanandygyny ýazdy.
Rus separatistleri bolsa habaryň hakykaty beýan etmeýär.
Çaknyşyklaryň dowam edýän ýerlerinde ukrain goşuny käbir şäherçeleriň boşadylmagy barasynda görkezme beripdi.
Germaniýanyň tagallasy bile Ukrainadaky dartgynlyga syýasy çözgüt üçin gepleşikleriň dowam edýän mahalynda guralan hüjüm umytlary hem azaltdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar