Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany köpelýär

Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 410 adama ýetdi

80501
Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany köpelýär

Hytaýda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany köpelýär.
Hytaýyň günorta günbatarynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 410 adama ýetdi.
Ýer titremesinde 2297 adam ýaralandy, 12 adamdan bolsa hiç hili habar ýok.
Ýekşenbe güni Ýunnan welaýatynda bolan 6,5 bala barabar ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.
Sebitdäki ýer titremesi sebäpli ýüzlerçe öý ýykyldy, sebitden 230 müň adam göçürildi.
Hytaýyň hökümeti gözleg we halas ediş işleri üçin 97 million bujet aýyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar