Hüjümler bes edildi

Hüjümleriň 72 sagat möhlet bilen bes edilmegi barasynda ylalaşyk gazanyldy

79624
Hüjümler bes edildi

Ysraýyl we Palestina tarapy Müsürüň hüjümleriň 3 gün möhlet bes edilmegi barasyndaky teklibini kabul etdi.
Hüjümler sagat 8:00-da bes edildi.
Ysraýylyň gatnaşmadyk gepleşikleri Müsüriň paýtagaty Kairde dowam edýär.
Palestinanyň wekiliýetiniň düzüminde orun alýan Hamasyň we Yslamy Jihadyň wekilleri ir ertir 8:00-dan başlap 3 gün gün möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegini kabul edendiklerini aýdypdy.
Hamasyň metbugat geňeşçisi Fewzi Barhum beren ýazmaça beýanatynda “Müsüre ir ertirden başlap 72 sagadyň dowamynda hüjümleriň bes edilmegini kabul edýändigini resmi taýdan habar berdik” diýdi.
Ysraýylyň döwlet radiosy Premýer ministrlige esaslandyran habarynda bolsa Ministrler kabinetinin syýasy we howpsyzlyk toparlarynyň agzalarynyň Müsüriň başlangyjy boýunça şertsiz berilen teklibi seljerenden soň kabul edendigini habar beripdi.
Ysraýylyň harby goşuny Türkiýe wagty bilen sagat 8:00-de Gazadan ähli harby güýçlerini yzyna çekip gutarjakdygyny mälim etdi.
Müsür hüjümleriň dolulygyna bes edilmegi üçin taraplary Kairde gepleşiklere çagyrdy.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat geňeşçisi Gaza hüjüm guralmagyna sebäp bolan tunelleriň ählisini hatardan çykarandyklaryny habar berdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jen Pisaki “Hüjümleriň 72 sagat möhlet bilen bes edilmegi barasyndaky soňky teklibi doly goldaýarys we iki tarapy hem oňa sarpa goýmaga çagyrýarys” diýdi.
ABŞ-dan Ysraýyla 225 million dollarlyk kömek bermek barasyndaky karar Prezident Barak Obamanyň tassyklamagyndan soň güýje girdi.
Gyssagly kömek serişdesi Ysraýylyň goranyşynda möhüm orun eýeleýän Demir gupba roketa goranyş ulgamy üçin sarp ediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar