Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerini bes etmek barasynda karar kabul etdi

Kararyň berjaý edilip edilmejekdigini bolsa wagt görkezer

78484
Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerini bes etmek barasynda karar kabul etdi

Şu gün irden Türkiýe wagty bilen sagat 10:00-da bes ediljek hüjümler “bozulman halatynda” 7 sagat dowam eder.
BMG bolsa Ysraýylyň düýn mekdebe guran hüjümine berk reaksiýa görkezdi.
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin “gyssagly çäre görmek” barasynda çagyryş etdi.
Abbas Ysraýylyň hüjümleriniň başlan gününden bäri her sagatda 17 palestinalyny öldürendigini ýa-da ýaralandygyny, her 3 sagatda bolsa 1 çagany öldürendigini aýtdy.
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hem dowam edýär. Ysraýylyň düýn BMG-na degişli mekdebe guran hüjüminde 10 adam ýogalypdy.
Baş sekretar Pan Gi Mun hüjümi “ahlaky çöküşiň netijesinde halkara hukugynyň bozulmagy” hökünde häsýetlendirdi.
Emma Howpsyzlyk Geňeşine agza ýurtlaryň wekilleriniň jemlenşmegi barasynda haýsydyr bir beýanat berilmedi.
Hüjümleriň netijesinde Gazanyň dürli etraplaryndan gara tüsse göterilýär.
Ysraýylyň Gaza 7-nji iýuldan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 1840 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 9370 adama ýetdi.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň guryýer goşunlarynyň ýitgileri dowam edýär.
Öldürilen Ysraýyl esgerleriniň sany 64-e ýetdi. Dereksiz ýitenler sebäpli Ysraýylyň halk köpçüliginiň ikä bölünme ähtimallygy hem ýokarlady.
Ysraýyllylaryň esasy bölegi hüjümleriň bes edilmegine garşylyk görkezip, hüjümleriň depgininiň güýçlendirilmegini we öldürilen esgerleriň arynyň alynmagyny isleýän bolsa, sanlary gün saýyn artýan beýleki bir bölegi bolsa çekilýän ýitgileri başarnyksyzlyk hökmünde häsýetlendirmäge başlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar