"Musulmanlary palestinalylara goldaw bermäge çagyrýaryn"

Medeni Ysraýyla syýasy taýdan goldaw berýän we gyrgynçylyklaryna biperwaý garaýan ýurtlaryň edilýän jenaýatlardan jogapkärdigini aýtdy

78686
"Musulmanlary palestinalylara goldaw bermäge çagyrýaryn"

“Ysraýyla goldaw beren her bir adam we gurama jenaýatyň jogapkäri hasap ediler”.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary İýad Emin Medeni Ysraýyla syýasy taýdan goldaw berýän we gyrgynçylyklaryna biperwaý garaýan ýurtlaryň edilýän jenaýatlardan jogapkärdigini aýtdy.
Medeni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet saýtynda berlen beýanatynda Ysraýyl bilen gatnaşyk edýän gurama agza ýurtlara gatnaşyklaryny ýaňadandan gözden geçirmekleri çagyryşyny berdi.
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde metjitleri nyşana almagyny ýazgaran Medeni, “Ysraýylyň harby uçarlarynyň we tanklarynyň asuda ilaty öldürmegi, öýleri ýykmagy, ekin meýdanlaryny ýakmagy, infstrukturany hatardan çykarmagy ýetmeýän ýaly ybadathanalar hem nyşana alynmaga başlandy. Ysraýyl Palestinalylary ýerinden ýurdundan ýok edişi ýaly alla sygynýan ýerleri bolan metjitleri hem ýykmak isleýär. Söweşleriň taryhynda şeýle wagşyçylyga seýrek gabat gelinýär” diýdi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary İýad Emin Medeni “ähli musulmanlary we wyždanly adamlary hem-de ähli guramalary syýasy we ykdysady taýdan palestinalylara goldaw bermäge çagyrýaryn” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar