"Gazada ýaşaýanlar üçin howpsuz ýer ýok"

Gazada ölenleriň sany gün saýyn köpelýär

79098
"Gazada ýaşaýanlar üçin howpsuz ýer ýok"

Ysraýyl 7-nji iýuldan bäri Gazany bombalaýar.
Zenan-çaga, ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden halky bombalaýar.
Gazada ölenleriň sany gün saýyn köpelýär.
Ýogalanlaryň 80 göterimi asuda ilatdan we saglygy goraýyş pudagy hem çökmegiň bäri ýanyna geldi.
Sebäbi Ysraýyl keselhanalary, tiz kömek ulaglaryny we saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerini nyşana alýar.
Ysraýylyň Refah şäherinde BMG-da degişli mekdebi bombalamagyna, çagalary we asuda ilaty gyrgyna bermegine bolsa uly reaksiýa görkezildi.
Dünýä ýurtlary indi gyrgynçylyklaryň bes edilmegini isleýär.
Sebitde iş alyp barýan BMG-nyň ynsanperwer kömeklerden jogapkär ýolbaşçysy Rawleý, Ysraýylyň howpsuz sebit hökmünde bilinýän BMG-na degişli mekdebi bombalamagyna reaksiýa görkezdi.
Rawleý “Gazada ýaşaýanlar üçin howpsuz ýer ýok” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar