İýul aýynda Yrakda 1700 adam öldürildi

Nikolaý Mladenow asuda ilatdan ýogalýanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirdi

77251
İýul aýynda Yrakda 1700 adam öldürildi


BMG-nyň Yraga ýardam düzümi iýul aýynda Yrakda başdan geçirlen wakalarda ýogalanlaryň sany barada habarnama taýarlady.
Habarnama görä iýul aýynda 1200-i asuda ilatdan bolmak bilen jemi Yrakly 1700 adam çaknyşyklarda we terrorçylykly aksiýalarda ýogaldy.
BMG-nyň Baş sekretarynyň Yrak boýunça ýörite wekili Nikolaý Mladenow habarnama barasynda beren beýanatynda çagalaryň we zenanlaryň başda durmagynda asuda ilatdan ýogalýanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirdi.
Mladenow çaknyşýan taraplaryň asuda ilata we halkara hukuk kadalaryna sarpa goýmaklaryny isledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar