ABŞ Ysraýyla 225 million dollar berer

Ysraýylyň roketa goranyş ulgamy Demir Guppa üçin 225 million dollar berler

76885
ABŞ Ysraýyla 225 million dollar berer

ABŞ Ysraýylyň roketa goranyş ulgamyna 225 million dollar berer.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Ysraýyla harby enjamyň ugradyljakdygyny beýan etmeginden bir gün soň Senatda geçirlen sese goýulşykda Ysraýylyň roketa goranyş ulgamy Demir Guppa üçin 225 million dollarlyk kömegiň berilmegi barasyndaky taslama kabul edildi.
Wekiller palatasynyň hem dynç alyşa çykmazdan ozal 225 million dollarlyk kömegi tassyklamagyna garaşylýar.
Demir Guppanyň, Ysraýylyň Gazadan we Günbatar Şeriýadan guralyp bilinjek roketa we beýleki howa hüjümlerine garşy oýlanyp tapylan howadan goranyş ulgamydygy nygtalýar.
Ysraýylyň Gazada 7-nji iýuldan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 1600 adamdan geçdi we hüjümlerde 8600 adam hem ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar