Kerri Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Ukrainanyň gündogaryndaky wakalar barasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

65249
Kerri Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygyndan berilen beýanata laýyklykda Kerri Russiýa Ukrainadaky dartgynlygy ortadan aýyrmak üçin “anyk we gyssagly çäreler” görmegi, rus tarapdary separatistlera ýaraglaryny taşlamaklary, zamun alynanlaryň ählisiniň boşadylmagy we ylalaşyk üçin Ukrainanyň hökümeti bilen gepleşik geçirmegi, ýarag we söweşiji geçişleriniň bes edilmegi, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylaryna serhet howpsyzlygynyň üpjün edilmeginde goldaw bermegi barasynda çagyryş etdi.
Beýanatda Kerrinin Ukraşnada urlup düşürlen Malaýziýanyň howaýollaryna degişli uçaryň heläkçiligiň bolan ýerine derňew işlerini alyp baryjylaryň gönüden, gyssagly we erkin ýagdaýda barmagynyň möhümdigini nygtandygyna üns çekildi.
Kerriniň ABŞ-nyň ÝHHG-nyň synçylarynyň we halkara derňewçileriniň heläkçiligiň bolan ýerine barmagyna rugsat berilmezligine çuňňur alada bildirýändigini aýratyn nygtandygy barasynda aýdylýan beýanatda, “ABŞ heläkçiligiň bolan ýerinden käbir gurbanlaryň galyndylarynyň we uçaryň galyndylarynyň ünssiz alynmagyna alada bildirýär” diýendigi halk köpçüliginiň dykgatyne ýetirildi.
Beýanatda Kerri bilen Lawrowyň Gazadaky wakalar barasynda-da gysgaça pikir alyşandyklary we aragatnaşygy dowam etdirmek barasynda ylalaşandyklary nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar