ABŞ-nyň Russiýa goşmaça sanksiýalary…

Resmi Waşingtonda Russiýanyň bank, energetika we ýarag pudaklaryna çäklendirme getirer

132538
ABŞ-nyň Russiýa goşmaça sanksiýalary…

Amerikan gazna ministrligi Russiýanyň Ukrainany durnuksyzlaşdyrma tagallalary sebäpli pudaklaýyn görnüşde goşmaça çäklendirmeleriň goýulmagy barasynda kararlaryn kabul edilendigini habar berdi.
Şol çäkde “Gazprombank” we “WEB” atly maliýe guramalary bilen amerikalylaryň söwda gatnaşyklaryny etmegi gadagan edildi.
Tebigy gaz we nebit öndürýän “Nowatek” we “Rosneft” kärhanalaryna-da sanksiýa goýulmagy barada netijä gelindi.
Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän çaknyşyklar üçin kiçi göwrümli ýarag, bomba we tank öndürýändigi anyklanan 8 sany rus ýarag öndüriji firmasy hem çäklendirme sanawyna degişli edildi.
Resmi Kiýewden garaşsyzlygyny yglan eden Lugansk we Donetsk welaýatlarynyň halkyna-da ýurdun parahatçylygyna, asudalygyna we howpsyzlygyna wehim salýandygy sebäpli sanksiýa goýulmagy barasynda karar kabul edildi.
Beýanatda sanksiýa goýuljak rus firmalarynyň we raýatlarynyň Amerikan bazarlary bilen söwda gatnaşyklarynyň bes edilendigi nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar