ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawy dowam edýär

Earnest Ysraýylyň aşa güýç ulanandygy bilen baglanşykly subutnama gabat gelmändiklerini nygtady

129526
ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawy  dowam edýär

ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawy palestinaly ýüzlerçe adamyň ýogalandygyna garamazdan dowam edýär.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Earnest, Ysraýylyň aşa güýç ulanandygy bilen baglanşykly subutnama gabat gelmändiklerini nygtady.
Earnest asuda ilaty nyşana alan roketa hüjümleriniň kabul edilip bilinmejekdigini, şol sebäpli hem Ysraýylyň özüni goramak hukugynyň bardygyny aýtdy.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Hamasyň guraýan hüjümleriniň gysga wagtda bes edilmegi çagyryşyny berdi.
Geňeşçi ýüzlerçe palestinalynyň ýogalandygy, Ysraýyldan bolsa hiç kimiň ýogalmandygynyň ýatladylmagy sebäpli Gazalylar üçin alada bildirýändiklerini nygtady.
İki tarapa hem ot açyşlygyň bes edilmegi çagyryşyny beren geňeşçi, asuda ilata howp abanýandygy üçin Ysraýylyň gury ýer hüjümlerine oňyn garamaýandyklaryny ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar