Ýadro gepleşikleri garaşylşy ýaly netije bermeýär

Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça gepleşikler dowam edýär

127760
Ýadro gepleşikleri garaşylşy ýaly netije bermeýär

Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Germaniýanyň arasynda dowam etdirilýän gepleşikleriň 6-njy tapgyry Wenada dowam geçirilýär.
Gepleşiklerde 20-nji iýula çenli anyk ylalaşyk gazanylmagyna garaşylýar.
Eger şeýle bolman halatynda gepleşikler tapgyrynyň ýene-de 6 aý uzaldylmagy gün tertibine geler.
Eýranyň ýadro tehnologiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmagyny maksat edinýän gepleşiklerde resmi Tähran, ykdysady çäklendirmeleriň aýrylmagy üçin tagalla edýär.
Diplomatik töwerekler gepleşiklerde esasy ugurlarda möhüm ylalaşyklaryň gazylmandygyny nygtaýar.
Gepleşiklere gatnaşýan ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri taraplaryň arasynda uly düşnüşmezliklerin bardygyny aýtdy.
Taraplaryň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolýan ugurlar: Eýranyň santifruga sany, urany baýlaşdyrma mukdary, Arak suw reaktory we çäklendirmelerin dolulygyna aýrylmagy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar