Poroşenko Merkel we Olland bilen söhbetdeşlik geçirdi
Poroşenko, Angela Merkel we Fransua Olland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Mesele barasynda berlen beýanatda Poroşenkonyň ýurduň gündogarynda rus aýralykçy toparlara garşy dowam edýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirýändigi nygtaldy.
Beýanatda şol çäkde Poroşenkonyň operasiýalar hakynda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi bellenildi.
Telefon söhbetdeşliginde Poroşenkonyň liderlere ot açyşlygyň bes edilmegi hakyndaky kararyň näme sebäpli ýatyrlandygy hakynda maglumat berendigi ýatladyldy.
Poroşenkonyň aýralykçylaryň ylalaşyga laýyk hereket etmeýändiklerine aýratyn ünsi çekendigi nygtaldy.
Telefon söhbetdeşliginde liderleriň Germaniýanyň paýtagty Berlinde Ukrainanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatyň netijeleri hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.
Ukrainanyň Prezidenti Poroşenkonyň ÝB-niň Daşary syýasatdan jogapkär ýokary wekili Ketrin Eştyn bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we ot açyşlygyň bes edilmegi üçin amatly şertiň döredilmelidigine aýratyn ünsi çekendigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Eýranda Bolan Heläkçilikde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Kömür käninde bolan partlamada ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi.