YDYD guramasy 60 işçini zamun aldy

Türk firmasynda işleýän 60 işçiniň YDYD guramasy tarapyndan zamun alynandygy nygtaldy

98962
YDYD guramasy 60 işçini zamun aldy

Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy 15-i türk 60 işçini zamun aldy.
Soňky bir hepde-de Yrakdaky käbir şäherleriň gözegçiligini ele geçiren YDYD guramasynyň işçileri zamun alandygy öňe sürüldi.
Selahaddin welaýatynyň Dor etraby bilen Kerkük şäheriniň arasynda keselhana gurýan türk firmasynda işleýän 60 işçiniň YDYD guramasy tarapyndan zamun alynandygy nygtaldy.
Gelip gowşan habarlara görä gurama zamun alan işçilerinden bir bölegini boşatdy.
Boşadylan işçilerden biri zamun alynanlardan 15-niň Türkiýe Respublikasynyň raýatydygyny öňe sürdi.
Zamun alynan beýleki işçileriň bolsa Pakistanly, Bangladeşli, Nepally we Türkmenistanlydygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar