YDYD guramasy 3 obany ele geçirdi

Ekstremistler türkmenleriň ýaşaýan Çardagly, Birawjyly we Karanaz obalaryna hüjüm etdi

98616
YDYD guramasy 3 obany ele geçirdi

Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy 3 obany ele geçirdi.
YDYD guramasynyň Yragyň Selahaddin şäheriniň Tuzhurmatu etrabynda 3 obanyň gözegçiligini ele geçirendigi nygtaldy.
YDYD guramasynyň ekstremistleri Tuzhurmatu etrabynyň 15 kilometr günortasynda ýerleşýän türkmenleriň ýaşaýan Çardagly, Birawjyly we Karanaz obalaryna hüjüm etdi.
Obalylar bilen ekstremistleriň arasyndaky çaknyşyklar 2 sagada golaý dowam etdi.
Üç oba hem düýn agşamara YDYD guramasynyň gözegçiligine geçdi.
Karanaz obasynda Hadi Kerim ekstremistleriň obany bombalandygyny we ok därileriniň gutarandygy sebäpli obany terk etmäge mejbur bolandyklaryny nygtady.
Kerim hüjümde 3 obalynyň ýogalandygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar